Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Wengriýa ýa-da ýurduň maliýe ulgamyna daşarydan hüjüm edilen halatynda maliýe galkanynyň döredilmegi bilen bagly ylalaşyk baglaşandygyny aýtdy.
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren gepleşiklerden soň, Waşington bilen Wengriýanyň ykdysadyýetini we döwlet maliýesini gorajak "maliýe galkany" barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
Trampyň uzak wagtlyk ýarany bolan Orban anna güni Ak Tamda ABŞ-nyň prezidenti bilen duşuşyp, Russiýanyň nebit we gazyna garşy ABŞ-nyň sanksiýalaryndan bir ýyl möhlet bilen boşadylmagy barada ýeňillik gazandy.
Ak Tamyň resmisiniň aýtmagyna görä, Wengriýa şeýle hem ABŞ-dan takmynan 600 million dollarlyk şertnamalarda suwuklandyrylan tebigy gaz satyn almaga borçlandy.
Orban gepleşiklerden soň Wengriýa gaýdyp barýarka uçarynda žurnalistlere: "Men şeýle hem ykdysadyýetimizi goramak üçin maliýe galkany barada ABŞ-nyň Prezidenti bilen ylalaşyga geldim" diýip belledi. Index.hu habar web sahypasy ýekşenbe güni bu beýanaty öz içine alýan wideony çap etdi.
Wiktor Orban: "Amerikalylar biziň ýurdumyza ýa-da ýurdumyzyň maliýe ulgamyna daşaryndan hüjüm edilen halatynda Wengriýanyň maliýe durnuklylygyny goramaga söz berdiler" diýip habar berdi.