Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi

Hytaýyň Daşary işler ministri Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Hisein Brahim Taha bilen duşuşdy.

By
Hytaýyň Daşary işler ministri Musulman ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi üçin çagyryş etdi / Reuters

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi, Pekin bilen musulman ýurtlaryň sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň syýasy taýdan çözülmegi üçin hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.

Wang duşenbe güni Pekiniň ösüp barýan ýurtlaryň hak-hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin musulman ýurtlar bilen işleşmäge taýardygyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen resmi beýannama görä, Wang Pekinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hisein Brahim Taha bilen duşuşdy.

Ministr Wang duşuşykda resmi Pekiniň musulman ýurtlar we YHG bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we Taýwan meselesine berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri “Iki tarap sebitara meseleleriň syýasy taýdan çözülmegi üçin hyzmatdaşlyk etmeli. Güýç syýasatyna garşy durmaly we Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy we durnuklylygy goralmaly” diýdi.

YHG-nyň Baş sekretary Taha duşuşykda Hytaýyň Palestin meselesiniň adalatly we giň gerimli ýagdaýda çözülmegi üçin edýän tagallasy barada öwgüli özler aýtdy.

Taha Hytaýyň bu ugurdda uly jogapkärçiligi öz üstüne almagyny umyd edýändigini belledi.