Eýran Aýlag ýurtlaryndaky goňşularyna zarba urmaga dowam edýär
DÜNÝÄ
3 minut okamak
Eýran Aýlag ýurtlaryndaky goňşularyna zarba urmaga dowam edýärNebitiň nyrhynyň ýokarlamagy we çaknyşyklaryň tutuş sebite ýaýramagy sebäpli Waşingtona edilýän basyş artýar.
Eýran Aýlag ýurtlaryndaky goňşularyna zarba urmaga dowam edýär / Reuters

Ysraýyl duşenbe güni ir ertir Liwanyň paýtagty Beýruda howa hüjümlerini gurady.

Ysraýyl Tährana guraýan hüjümlerini hem dowam etdirýär.

Eýrana degişli dronyň Dubaýda ýangyn tankerini nyşana almagy sebäpli Dubaýyň howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.

ABŞ bilen Ysraýyl iki hepdeden gowrak wagt bäri Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerini dowam etdirýär.

Eýran hem Ysraýyla we ABŞ-nyň harby bazalaryna ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryndaky goňşularyna hüjüm guraýar.

Eýran Aýlagdaky arap goňşularynyň energetika infrastrukturasyny nyşana alýar.

Dünýäniň nebit eksportunda esasy orun eýeleýän Ormuz bogazyny ýapan Eýran, halkara energetika bazarynda nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyna sebäp boldy.

Halkara bazarlarda Brent nebitiniň barrel bahasy duşenbe güni 100 dollardan geçdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ormuz bogazynyň açyk galmagy üçin 7 ýurtdan harby gämi ugratmaklaryny talap edendigini aýtdy, emma şol ýurtlar Trampyň çagyryşyna jogap bermedi.

Respublikan partiýa amerikan sarp edijileri üçin nyrhlaryň ýokarlamagynyň güýz aýlarynda geçiriljek saýlawlarda prezidente zeper ýetirmegine alada bildirýär.

Floridadan Waşingtona gaýdyşyn uçarda metbugata beýannama beren Tramp “Bu ýurtlaryň gelip öz topraklaryny goramaklaryny talap edýärin, sebäbi bu olaryň öz toprakalry” diýdi.

Tramp haýsy ýurtlara çagyryş edendigi hakynda maglumat bermedi, emma ozal Hytaýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Britaniýa çagyryş edipdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi duşenbe güni ir ertir sosial media arkaly beren habarnamasynda ýurdunyň  gepleşik geçirmegi we ylalaşyk gazanmagy islemeýändigini aýtdy.

Arakçy X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Güýçli ýaragly güýçlerimiz, ABŞ-nyň Prezidenti bikanun ýagdaýdaky söweşiň ýalňyşdygyna we asla gaýtalanmajakdygyna doly göz ýetirýänçä hüjüm etmäge dowam eder” diýdi.

Eýran Dubaýyň howa menzilini nyşana aldy

Duşenbe güni ir ertir dünýäniň iň uly howa menzillerinden biri bolan Dubaýyň halkara howa menziliniň golaýynda dronyň ýangyç bekedini nyşana almagy uly ýangyna sebäp boldy.

Ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy we wakada ýaralananyň bolmandygy nygtaldy, emma ýangyn sebäpli howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.

Eýran söweşiň başlan gününden bäri ABŞ-nyň harby bazalaryna ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna ýüzlerçe dron we raketa hüjümini gurady.

Birleşen Arap Emirlikleri dronlaryň esasy böleginiň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.

Eýranly resmiler BAE ýurdunyň Eýrana garşy guralýan hüjümler üçin ulanylmagyna rugsat bermekde günäkärledi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň resmileri bolsa garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Saud Arabystany ýurduň gündogaryna esasan uly nebit kärhanalarynyň ýerleşýän zolagynda 61 dronyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny duşenbe güni ir ertir Eýranyň Ysraýyla raketa atandygyny habar berdi.

Ysraýyl Beýruda we Tährana hüjüm gurady

Ysraýyl ertiriň irki sagatlarynda Liwanyň paýtagty Beýruda täze hüjümler gurady we Hizbulah bilen arabaglanşykly ýerleri nyşana alandygyny öňe sürdi. Şäherde güýçli partlamalar boldy.

Ysraýylyň harby goşuny Beýrut bilen birlikde Liwanyň günortasynda birnäçe etrabyň ewakuasiýa edilmegi üçin görkezme berdi.

Şu günki güne çenli Ysraýylyň Liwandaky hüjümleri sebäpli 800 müňden gowrak adam ýaşaýan ýerini terk etdi.

Ysraýylyň hüjümlerinde häzire çenli azyndan 850 adam ýogaldy. Ýogalanlaryň arasynda 107 çaga bilen 66 zenan bar.

Ysraýylyň harby goşuny Tährana guraýan hüjümlerini hem dowam etdirýär.

Eýranda hüjümler sebäpli häzire çenli 1300-den gowrak adam ýogaldy.

Eýranyň Ysraýyla guran raketa hüjümlerinde bolsa 12 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Eýranyň hüjümleri sebäpli amerikaly azyndan 13 esger ýogaldy, esgerleriň 6-sy geçen hepde Yrakdaky uçar heläkçiliginde ýogaldy.

 

 

Öwren
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň geçirilmeýändigini we ýakyn wagtda "bir zatlaryň boljakdygyny" aýtdy
Saud Arabystanyndaky "Şa Fahd" adyndakyt halkara howa menziline guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Kreml: "Biz noýabr aýynda Russiýa-Ukraina-ABŞ üçtaraplaýyn gepleşiklerini täzeden başlatmaga taýýar"
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Gresiýada talyplar kireýleriň ýokarlamagyna we durmuş şertleriniň agyrlaşmagyna garşylyk görkezdi
Fransiýada geçirlen protest ýörişlerinde 2 adam ýogaldy
Ysraýylyň Goranmak ministri: “Liwanyň günortasyndan 200 müň adamy sürgün etdik”
Amerikaly senator Sanders Ysraýyla berilýän harby kömegiň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
“Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürdik”
Ukraina: "Russiýanyň gije guran hüjümlerinde 3 adam ýogaldy we 11 adam ýaralandy"
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada palestinalylaryň takmynan 183 gektar ýerini aldy
Ýemeniň goşuny: "1164 operasiýada 558 Husi söweşijisi täsirsiz ýagdaýa getirildi"
Milandan Jidda şäherine uçýan uçar bomba howpy sebäpli Rime gyssagly gondy
Kolumbiýada bikanun altyn käniniň çökmegi netijesinde on dört adam ýogaldy
Sudanda dron bilen awtobus duralgasyna guralan howa hüjüminde 80 adam ýogaldy
Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan uçar bomba habary sebäpli Bolgariýa gondy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio Samarkantda özbek kärdeşi Saidow bilen duşuşdy
Kreml Ýewropadaky bidüzgünçiliklere Russiýanyň gatnaşygy baradaky aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainada metro bekedini nyşana aldy