Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Kalyn Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Stambul şäherinde geçirlen duşuşykda Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Ibrahim Kalyn Stambul şäherinde Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy.
Kalyn şenbe güni Hamasyň syýasy işlerden jogapkär ýolbaşçysy we gepleşik toparynyň başlygy Halim al Haýýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşykda Gaza ylalaşygynyň ikinji tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy, Rafah gümrük geçelgesinin iki taraply ýagdaýda açylmagy, Gaza milli dolanşyk komitetiniň wezipesine başlamagy we beýleki ugurlar boýunça ýakyndan işleşmek barada ylalaşyk gazandy.
Hamasly wekiliýet duşuşykda Gazada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalary, Türkiýäniň töwellaçylygy we hemaýatkärlik roly bilen ylalaşygyň ikinji tapgyryna berýän goldawy sebäpli Prezident R. T. Erdogana sagbolsun aýtdy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müňden gowrak adam ýogaldy, 171 müňden gowrak adam hem ýaralandy.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginde görä, 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýyl 481 palestinlini öldürdi, 1 müň 313 adamy ýaralady.