TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Kanada gynanç bildirdi
Türkiýe Kanadada harby bazada bolan partlamada 4 adamyň ýogalmagyna gynanç bildirdi.
Türkiýe Kanada gynanç bildirdi
Türkiýe Kanada gynanç bildirdi

Türkiýe Kanadada harby bazada bolan partlamada adam pidasynyň çekilmegi sebäpli gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligi Kanadanyň Alberta sebitinde düýn harby bazada bolan partlama barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada partlama sebäpli adam pidasynyň çekilmegine uly gynanç bildirildi.

Beýannamada “Partlamada ýogalanlaryň hossarlaryna we kanadanyň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Kanadanyň Alberta sebitindäki Wainwrigt harby bazasynda bolan partlamada 4 esger ýogalypdy, birnäçe esger hem agyr ýaralanypdy.