Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň sişenbe güni ir ertir Beýrudyň günorta gündogaryna 10 kilometr alysda ýerleşýän etrapda ýaşaýyş jaýyna guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä iki adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada hüjümde 5 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ysraýylyň tutuş gije Beýrudyň günortasynda ýerleşýän çetki 7 etrapça hüjüm gurandygyny habar berdi.
Liwanyň Milli habarlar gullugy “Duşmanyň harby uçarlary düýn gije ýurduň günortasynda ýerleşýän çetki 7 etrapça hüjüm gurady. Hüjümlerde Bir al-Abed, Al Ruwais-Al Manşiýýa, Haret Hreik, Saýýed Hadi Nasrallah ulag ýoly, Saind Terese, Burž al-Baražneh we Al-Kafaat etrapçalarynyň nyşana alynandygy nygtaldy.
Liwan ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewraldan bäri guraýan hüjümleri we ýurduň dini lideri Ali Hameneiniň öldürilmeginden soň hüjümlere sezewar bolýar.
Bu ýagdaý ýurduň şaýy topary Hizbullahyň Ysraýyla raketa hüjümini guramagyna sebäp boldy.
Ysraýyl soňky ýyllarda Liwana garşy guraýan hüjümlerini artdyrdy we ýurduň günortasyny basyp aldy.














