Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy

Eýranyň döwlet teleradioýaýlymy IRIB-iň habaryna görä, Eýranyň wekiliýetiniň dürli başlangyçlaryna garamazdan, ABŞ-nyň "akylsyz talaplary" Ýakyn Gündogardaky urşy bes etmek maksady bilen Yslamabad gepleşiklerinde öňegidişlige päsgel berýär.

By
Eýran: Gepleşikler ABŞ-nyň "akylsyz" talaplary sebäpli şowsuz boldy

IRIB Telegramdan beren beýanatynda: “Eýranyň wekiliýeti Eýran halkynyň milli bähbitlerini goramak üçin 21 sagatlap yzygiderli we intensiw gepleşikler geçirdi; Eýran wekiliýetiniň dürli başlangyçlaryna garamazdan, Amerika tarapynyň akylsyz talaplary gepleşikleriň öňe gitmegine päsgel berdi” diýip habar berdi.

Beýanatda: "Şeýlelik bilen, gepleşikler tamamlandy" diýilýär.

Eýranyň “Pars” habarlar agentligi öz çeşmelerine salgylanyp, ABŞ-nyň gepleşik stolundan çykmak üçin bahana gözländigini öňe sürdi.

“Press TV” ABŞ-nyň aşa köp talaplarynyň çarçuwa boýunça ylalaşyga gelmäge päsgel berendigini we gepleşikleriň bes edilmeginiň sebäbiniň hut şu bolandygyny habar berdi.

Mundan öň, ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wans Yslamabadda geçirilen marafon gepleşiklerinden soň ABŞ bilen Eýranyň Ýakyn Gündogardaky urşuny bes etmek üçin ylalaşyga gelmändigini we Tährana "soňky we iň gowy teklibi" hödürläninden soň gepleşikleri terk edýändigini aýdypdy.

Wans Waşingtonyň Eýrandan ýadro ýaraglaryny öndürmezlik barada "esasy borçnama" isländigini, ýöne 1979-njy ýyldaky Yslam ynkylabyndan bäri iki tarapyň arasynda iň ýokary derejeli duşuşyk geçirilendigine garamazdan, olaryň "muny görmändigini" aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Wans sişenbe güni ABŞ-nyň we Ysraýylyň hüjümlerini iki hepde togtatjakdygy baradaky beýanatyndan soň, Eýranyň teklibi gözden geçirmek üçin henizem wagtynyň bardygyny aýtdy.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy hüjüm başlatdylar, hüjümlerden soň Tähranyň garşylyk görkezmegi bilen Ýakyn Gündogar çaknyşyga zolagyna öwrülipdi, global ykdysadyýet bolsa sarsgynlyk geçiripdi.

Wansyň Eýran bilen geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmandygyny aýdanyndan gysga wagt soň, ýekşenbe güni Pakistany terk edendigi habar berildi.