Merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Axios” gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Dohada Hamasly wekiliýeti nyşana alan emma netijesiz bolan howa hüjüminden birnäçe aý soň ABŞ, Ysraýyl we Katar ýekşenbe güni Nýu-Ýorkda üçtaraplaryn duşuşyk geçirdi.
Habarda, duşuşygyň Kataryň töwellaçylyk etmeginde Gazadaky söweşiň bes edilmegi maksady bilen gazanylan ylalaşykdan soň ýurtlaryň arasynda geçirlen ýokary derejeli duşuşykdygyna üns çekildi.
Ak Tam mesele boýunça heniz hiç hili beýannnama bermedi.
“Axios” Ak Tamyň ilçisi Stiw Witkofyň duşuşyga ýolbaşçylyk edendigini, Ysraýylyň adyndan Mossadyň razwetka gullugynyň başlygy Dewid Barneanyň gatnaşandygyny nygtady.
Kataryň adyndan duşuşyga gatnaşan ýokary derejeli resmi hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.
Katar, Müsür we ABŞ bilen birlikde Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşykda uly rol oýnapdy. Ysraýyl bilen Hamas biri-birini ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmezlikde günäkärleýär.
Durnuksyz ylalaşyk
Katar bilen Müsür şenbe güni Gazadaky söweşiň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň şertleriniň doly ýerine ýetirilmegi maksady bilen Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň sebitden çekilmegi we halkara durnuklylyk güýjüniň ornaşdyrylmagyny talap etdi.
Dohada geçirlen konferensiýada çykyş eden Kataryň Premýer-ministri Muhammed bin Abdulrahman Al Sani, “Ylalaşyk Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň dolulygyna çekilmegini talap edýär, şeýle bolman halatynda Gazada durnuklylyk ýola goýlup bilinmez” diýdi.
9-njy dekabrda Ysraýyl tarapyndan Dohada guralan hüjümde, Hamasyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Halil al Haýra bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar nyşana alnypdy. Hüjümde 6 adam ýogalypdy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen birlikde dünýä liderleri hüjüme berk garşylyk görkezipdi.
Binýamin Netanýahu Trampyň basyşy sebäpli Kataryň Premýer-ministrine telefon edip ötünç sorapdy.












