DÜNÝÄ
1 minut okamak
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitde howpsuzlygyň üpjün edilip bilinjekdigini aýtdy.
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”

Eýran tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Pezeşkiýan, Milli tebigatyň goralmagy güni mynasibetli eden çykyşynda sebitara meseleler barada durup geçdi.

Mesud Pezeşkiýan “Daş töweregimizdäki ähli ýurtlar biziň doganymyz we ählimiz musulan ýurt. Şol sebäpli hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris” diýdi.

Pezeşkiýan bujetiniň esasy bölegini harby güýçler üçin bölüp beren ABŞ-nyň adamzada garşy jenaýat edýändigine ünsi çekdi we sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň diýseň möhümdigini belledi.