TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli gözleg gämisi ýakynda ulanylmaga beriler
Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu ýerli mümkinçilikler bilen türk gämi gurluşyk werfinde ilkinji gezek öndürlen UAB MAWY WATAN gämisiniň birnäçe aý soň ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.
Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli gözleg gämisi ýakynda ulanylmaga beriler
Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli gözleg gämisi ýakynda ulanylmaga beriler

Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu ýerli mümkinçilikler bilen türk gämi gurluşyk werfinde ilkinji gezek öndürlen sorujy aýrtynlygyna eýe bolan gözleg gämisi UAB MAWY WATAN-yň suwa düşürlendigini habar berdi.

Ministr Uraloglu, UAB MAWY WATAN gämisiniň gurluşyk etaby barada beren beýannamasynda “2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde ilkinji blogynyň kebşirlemesi amala aşyrlan täze görnüşli sorujy we deňiziň düýbinde gözleg işlerini geçirip biljek gämimiz UAB MAWY WATAN-y suwa düşürdik. Türk gämi gurluşyk werfinde ilkinji gezek sorujy aýratynlygyna eýe bolan gözleg gämisini gurduk” diýdi.

UAB MAWY WATAN gämisiniň tehniki aýratynlygy barada hem maglumat beren “Gämimiziň boýu 85 metr we 20 mete çuňlukda gözleg işlerini geçirip biler. Aýlaglarymyzdaky gözleg we arassalaýyş işlerini Ministrligimize degişli öz milli gämimiz bilen amala aşyrarys” diýdi.

Gäminiň doly awtomatlaşdyrylan aýratynlygyna ünsi çeken Uraloglu: “UAB MAWY WATAN doly awtomatlaşdyrlan ulgamyň kömegi bilen hereket edýän wagtynda hem deňiziň düýbünde gözleg işlerini geçirip biler. Gämini synag etabyndan soň birnäçe aýyň dowamynda ulanylmaga bereris” diýdi.

 

 

 

Öwren
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär
Türkiýe, Husileriň Medine şäherindäki raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy
MHG Reýhanly hüjüminiň jenaýatçysyny tussag etdi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
TEKNOFEST Türkiýäniň Günorta-gündogarynda öz işine başlady
Fidan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Premýer-ministri Wüst bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan BAE-niň Döwlet baştutany Al Nahýan tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Erdogan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ştatynyň Premýer-ministri Wýusti kabul etdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan BAE-e sapar gurar