Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gazada başdan geçirlen wakalaryň ýatdan çykarylmazlygy we adalatyň höküm sürmegi üçin göreşi her ugurda tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdiklerini nygtady.
Prezident Erdogan penşenbe güni Ankarada geçirilen medeniýet we sungat baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda eden çykyşynda: “Türkiye Gazada başdan geçirlen wakalaryň ýatdan çykarylmazlygy we adalatyň höküm sürmegi üçin göreşi her ugurda tutanýerlilik bilen dowam etdirer” diýdi.
Prezident Erdogan: “Hakykaty aýtmagy özüne şygar edinen ýurt we hökümet hökmünde biz Palestinanyň halkynyň ýanynda berk we üýtgewsiz durýarys” diýdi.
“Batyr” metbugat
Prezident Erdogan şeýle hem Türkiyäniň habar beriş serişdeleriniň Gazadaky wakalary habar bermekdäki "batyrgaý" pozisiýasy barada öwgüli sözler aýtdy.
Prezident: "Türkiyäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, esasanam TRT we Anadoly habarlar agentligi, Gaza genosidinde hakykatdanam batyrgaý pozisiýa eýelediler" diýdi.
Erdogan Anadoly habarlar agentliginiň palestinaly fotožurnalisti Ali Jedallahy öwüp: “Onuň çarçuwasyndan şöhlelenen zatlar diňe bir Gazadaky gyrgynçylygyň elhenç ölçeglerini däl, eýsem palestina halkynyň adalatly, hormatly we abraýly garşylygyny hem ähli şöhraty bilen adamzadyň ünsüni özüne çekdi” diýdi.
Erdogan: “Gazada iki ýyllap dowam eden rehimsiz genosidini suratlary bilen bütin dünýä açyp görkezen we öz çarçuwasy arkaly medeniýetli diýilýän dünýäni hakykat bilen ýüzbe-ýüz eden doganymyz Ali, şol bir wagtyň özünde Anadoly habarlar agentliginde fotožurnalist bolup işleýär” diýdi.






















