SYÝASAT
2 minut okamak
Ukrainanyň uzak aralyk üçin niýetlenen raketalary Russiýa garşy ulanmagy çäklendirildi
Tramp Putin-Zelenskiý duşuşygynyň geçirilmegini talap eden hem bolsa Lawrow gün-tertibinde şeýle meseläniň bolmandygyny aýtdy.
Ukrainanyň uzak aralyk üçin niýetlenen raketalary Russiýa garşy ulanmagy  çäklendirildi
ATACMS 300 km çenli uzaklykdaky nyşanalary urmaga niýetlenen, ABŞ-da öndürilen uzak aralykly, takyk gönükdirilen raketa ulgamydyr. / Reuters
24 Awgust 2025

“Wall Strit Jornal” gazetinin anna güni amerikaly resmilere esaslandyrýan habarynda beýan edilmegine görä Pentagon Ukrainanyň Amerikan önümi uzak aralyk üçin niýetlenen Taktiki raketa ulgamlaryny Russiýadaky pozisiýalary urmak üçin ulanmagyny gadagan etdi. Bu ýagdaý Kiýewiň Moskwanyň basyp alyşyna garşy goranyşda adybir ýaraglaryň ulanylmagyny çäklendirýär.

Habar ABŞ-nyň Prezidenti Donld Trampyň üç ýyldan bäri dowam edýän uruşda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýaraşyk ylalaşygynyň gazanylmagy meselesinde garaşýan tamasynyň puja çykan günlerinde çap edildi.

Tramp, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygyndan we soň ýewropaly liderler hem-de Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerinden anyk netije alyp bilmänden soň anna güni Russiýa ykdysady sanksiýalaryn goýulmagyny ýa-da parahatçylyk tapgyryndan çekilmegi gaýtadan seljerýändigini beýan etdi.

Tramp: “Näme etjekdigimize karar berjek we ol iňňän möhüm karar bolar. Ýa uly sanksiýalar ýa-da ýokary tarifleri girizeris ýa-da bolmasa hiç zat etmän bu siziň söweşiňiz diýeris” diýdi.

Tramp Putin bilen Zelenskiýniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegi tama edýärdi. Emma ol hem garaşylýan netijäni bermedi. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow anna güni “NBJ” ýaýlymyna beren beýanatynda Zelenskiý bilen duşuşmagyň gün-tertibinde bolmandygyny aýtdy.

Lawrow häzirki wagtda haýsydyr bir duşuşygyň meýilleşdirilmeýändigini nygtap; “Putin sammit üçin gün-tertibi taýýar bolanda Zelenskiý bilen duşuşmaga taýýar. Emma häzirki wagtda şol gün-tertibi taýýar däl” diýdi.

Ak Tam Putini ýaraşyk gepleşiklerine gatnaşmaga razy etmäge çalyşýar. ABŞ Pentagonda kabul edilen karara laýyklykda Ukrainanyň Russiýa hüjüm guramagynyň öňüni aldy.

“Wall Strit Jornal” gazetiniň harbar bermegine görä uzak aralyklar üçin niýetlenen ýaraglaryň ulanylmagy hakyndaky soňky karar Goranmak ministri Pet Gegset tarapyndan kabule dildi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan Yragyň Premýer-ministri Sudani bilen söwda we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşdy
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär