NATO-Ukraina geňeşi, Russiýa tarapyndan Ukraina abanýan howplar we zerur bolan harby enjamlar meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Brusselde nobatdan daşary ýagdaýda bir ýere jemlenişdi.
Ukrainanyň NATO Missiýasynyň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasyna görä, NATO-nyň ştab kwartirasynda geçirlen maslahata Baş sekretar Mark Rutte ýolbaşçylyk etdi.
Maslahata Ukrainanyň Ýewropa işlerinden jogapkär ministriň orunbasary Sergeý Boýew gatnaşdy. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň serkerdesi general leýtenant Serhii Sobko hem maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.
Ukrainanyň wekilleri maslahatda Russiýa tarapyndan abanýan howplar hakynda ýaranlaryna giňişleýin maglumat berdi.
Maslahatda Ukraina üçin gyssagly zerur bolan harby enjamlar meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ukraina Goranyş toparynyň maslahaty 17-nji noýabrda Britaniýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylyk etmeginde NATO-nyň Brusseldäki merkezinde geçirler.
Ramstein topary hökmünde hem bilinýan topar, 2022-nji ýylyň aprel aýynda ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Ukraina berilýän harby kömegiň utgaşdyrylmagy maksady bilen döredilipdi. Toparda 50-den gowrak ýurt ýer alýar.



















