SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýäniň goranyş pudagynyň eksporty 11 aýda 30 göterim artdy
Prezident Erdogan, Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň eksportynyň 1 aýda 7 milliard 445 million dollara barabar bolandygyny aýtdy.
Türkiýäniň goranyş pudagynyň eksporty 11 aýda 30 göterim artdy
Türkiýäniň goranyş pudagynyň eksporty 11 aýda 30 göterim artdy / AA
20 Dekabr 2025

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, soňky 11 aýda Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň eksportynyň  geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 30 göterim artyp 7 milliard 445 million dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan şenbe güni gämileriň ulanylmaga berilmegi mynasibetli geçirlen dabarada eden çykyşynda “Dünýäniň goranyş senagaty pudagynyň eksportynda 11-nji orny eýeleýäris. Soňky 11 aýda Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 30 göterim artyp 7 milliard 445 million dollara barabar boldy” diýdi.

Türkiýäniň goranyş senagaty taslamalarynyň diňe enjam öndürmegi maksat edinmeýändigini eýsem şol bir wagtda ekoulgamy we tehnalogiýa taýdan önümçilik mümkinçiligini hem ösdürmegi maksat edinýändigini aýdan Erdogan “Türkiýe hökmünde tehnalogiýa taýdan önümçilik mümkinçiliklerimizi artdyrmagy maksat edinýäris” diýdi.

“Parahatçylygy, garaşsyzlygy we geljegimizi goramak üçin”

Prezident Erdogan Türkiýäniň dünýäde öz harby gämisini öndüren we ulanylmaga beren 10 ýurtdan biridigini nygtady.

Prezident Erdogan “TJG-Anadolynyň has ulusy boljak uçar gämimiziň öndürilmegi etabyny başlatdyk” diýdi.

Prezident Erdogan maýa goýumlaryň söweşe taýarlyk üçin däl eýsem parahatçylygy goramagy maksat edinýändigine aýratyn ünsi çekdi.