DÜNÝÄ
1 minut okamak
Dominik Respublikasy neşe söwdasyna garşy göreş üçin ABŞ-nyň ýurdunda iç alyp barmagyna rugsat berdi
Prezident Luis Abinader, Amerikan güýçleriniň kesgitlenen möhletde iki sebitde iş alyp barjakdygyny nygtady.
Dominik Respublikasy neşe söwdasyna garşy göreş üçin ABŞ-nyň ýurdunda iç alyp barmagyna rugsat berdi
Dominik Respublikasy neşe söwdasyna garşy göreş üçin ABŞ-nyň ýurdunda iç alyp barmagyna rugsat berdi / Reuters

Dominik Respublikasynyň Prezidenti Luis Abinader, ýurdunyň Karaibde neşe söwdasyna garşy geçirilýän operasiýalara goldaw bermek maksady bilen ABŞ-nyň ýurdunda kesgitlenen möhletde iş alyp barmagyna rugsat berendigini aýtdy.

Prezident Abinader çarşenbe güni Santo Domingoda saparda bolan ABŞ-nyň Goranmak ministri Pit Herset bilen birlikde metbugata beren beýannamsynda “ABŞ-nyň kesgitlenen möhletde San İsidro howa bazasyny we Halkara Las Amerika howa menzilini ulanmagyna rugsat berdik” diýdi.

Dominigiň Prezidentiniň Pentagonyň Karaibde we Ýuwaş umanda neşe söwdasyna garşy göreş bahanasy bilen gämileri nyşana almagyndan soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

ABŞ sentýabr aýyndan bäri 20-den gowrak hüjüm gurady we şol hüjümlerde azyndan 83 adam ýogaldy.

Prezident Abinader “Ýaragly güýçlerimiz howa we deňiz halkasyny güýçlendirmegi, şeýlelikde neşe söwdasynyň öňüni almagy we guramaçylykly jenaýatçy toparlara zarba urmagy maksat edinýär” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Pit Herset hem ABŞ-nyň narko-terrorçylara garşy egilşiksiz tutum alyp barýandygyny nygtady.

Pit Herset “Serhetlerimizde we Dominik Respublikasynda howpsuzlygy ýola goýmak üçin ýaranlarymyz bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýarys”diýdi we Prezident Trampyň neşe maddalarynyň ABŞ-na girmeginiň öňüni almakda ygrarlydygyna ünsi çekdi.

 

 

Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy