Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Prezidentiň Kompleksinde duşuşdy.
Erdogan bilen Tokaýew duşuşykda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Gazagystanyň Ösen strategik hyzmatdaşlygyň çäginde söwda, maýa goýum, energiýa, ulaglar we goranyş senagatynyň başda durmagynda ähli taraplaýyn edýän özara gatnaşyklaryny güýçlendirjekdiklerini nygtady.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň Türki döwletleriň guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe guramanyň täsirinin has-da güýçlenmegi üçin tagalla etjekdigini we Gazagystan bilen bu mesele boýunça ýakyndan gatnaşyk etjekdigini belledi.
Prezident Erdogan gazak kärdeşi Tokaýewi Antalýada geçiriljek JOP-31-iň liderler sammitine çagyrdy.






















