Türkiyäniň deňiz önümleriniň eksporty artmagyny dowam etdirýärkä, geçen ýyl 133 ýurda takmynan 2,2 milliard dollarlyk önüm eksport edildi.
Söwda ministrliginiň beýanatyna görä, Türkiye önümçilik kuwwaty, ýokary hilli infrastrukturasy we eksport görkezijileri bilen pudakdaky ornuny pugtalandyrdy.
Beýanatda halkara maglumatlara ünsler çekilip, 2021-nji ýylda jemi 167,9 milliard dollar bolan deňiz önümleriniň global eksportynyň geçen ýylyň ahyryna çenli takmynan 11 göterim artyp, 186 milliard dollara ýetendigi habar berildi.
Beýanatda Türkiyäniň deňiz önümleriniň eksportynyň şol döwürde takmynan 64 göterim artyp, 1,38 milliard dollardan 2,2 milliard dollara ýetendigi bellenilýär we geçen ýyl önümleriň 133 ýurda iberilendigi nygtalýar.















