SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
2011-nji ýyldan bäri Pakistana ABŞ-dan Wise-prezident derejesinde ilkinji sapar guralýar.
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi / AP
Duş 11 Ýek

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wansyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet ABŞ-nyň Howa güýçlerine degişli ýörite uçar bilen Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Eýran bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak üçin şenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabada geldi. Gepleşikler iki hepdelik ylalaşygyň dowam edýän günlerinde geçirler.

Resmi wekiliýeti we žurnalistleri getiren iki uçaryň paýtagtyň golaýyndaky Rawalpindidäki Nur Han howa bazasyna gonandygy nygtaldy.

Resmi wekiliýetde ABŞ-nyň Ýakyn gündogar boýunça ýörite wekili Stew Witkof bilen Donald Trampyň giýewi Kuşner hem ýer alýar.

Wise-prezidenti Wans şol bir wagtda 2011-nji ýyldan bäri Pakistana ABŞ-dan Wise-prezident derejesinde guralýan ilkinji sapary amala aşyrýar.

Beýleki tarapdan Eýranyň adyndan gepleşiklere gatnaşjak Mejlisiň başlygy Bagher Galibafyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet hem şenbe güni ir ertir Yslamabada geldi.

Resmi wekiliýetde Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ali Bagheri Kani hem alýar.

Yslamabat gepleşikleri

Pakistan “Yslamabat gepleşikleri” hökmünde atlandyrlan bu möhüm gepleşiklere ýer eýeçiligini eder.

Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde geçiriljek gepleşiklerde howpsuzlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Pakistanaly resmilere görä, gepleşikler birnäçe gün dowam edip biler.

Pakistanyň adyndan gepleşiklere Daşary işler miniastri İshak dar wekilçilik eder.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň hem gepleşiklere gatnaşýan wekiliýetler bilen aýry aýry duşuşmagyna garaşylýar.