GAZADAKY URUŞ
1 minut okamak
Ysraýyl iýul aýynda Gazada 150-den gowrak palestinalyny öldürdi
Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy genosid urşuny başlatmagyndan bäri ýogalanlaryň sanynyň 73349 adama ýetendigini aýan etdi.
Ysraýyl iýul aýynda Gazada 150-den gowrak palestinalyny öldürdi
Ysraýyl iýul aýynda Gazada 150-den gowrak palestinalyny öldürdi

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi şenbe güni iýul aýynda gabaw astyndaky territoriýada 152 palestinalynyň öldürilendigini aýan etdi, bu bolsa ýylyň başyndan bäri hasaba alnan iň ýokary aýlyk ölüm görkezijisidir.

Ministrlik beren beýanatynda Saglygy goraýyş maglumat merkeziniň maglumatlarynyň geçen aý Gazada adam pidalarynyň sanynyň artandygyny we tapawutly ýerlerde 152 adamyň ölendigini görkezýändigini aýtdy.

Ministrlik ýogalanlaryň arasynda 21 çaganyň, 14 zenanyň we dört ýaşuly adamyň bardygyny mälim edip, bu sanlaryň dowam edýän dartgynlylygyň asuda ilata we köp ilatly ýerlere gönüden-göni täsirini görkezýändigini habar berdi.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünini bozmagyny dowam etdirip, 1222 adamy öldürdi, 4053 adamy ýaralady.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy genosid urşuny başlatmagyndan bäri ýogalanlaryň sanynyň 73349 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 174162 adama ýetendigini aýan etdi.

Öwren
Ysraýylyň Gazada weýran eden 20 öýüň harabalyklaryndan 233 palestinalynyň jesedi çykaryldy
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73422 adama ýetdi
Ganhor Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany artýar
Ysraýylyň Gazadaky polisiýa nokadyna hüjüm guramagy netijesinde ýoglanlaryň sany dokuz adama ýetdi
Ganhor Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ölenleriň sany 73386 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73382 adama ýetdi
Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 3 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de üç palestinaly öldürildi
Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki ýaşaýyş jaýyna hüjüm etmegi netijesinde ýedi palestinaly ýaralandy
Ysraýyl Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Gazada guran hüjümlerinde 9 palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazada bosgun düşelgesine guran hüjüminde bäş palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gazadaky palestinalylaryň düşelgelerine hüjüm gurady
Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde üç adam ýogaldy
Ysraýyl Gazadaky azyk paýlaýyş nokadyny bombalady we ýene-de dört palestinalyny öldürdi
Ysraýyl ylalaşyga garamazdan, Gaza garşy dowam etdirýän hüjümlerinde ýene-de bir çagany öldürdi
Ysraýyl ylalaşygy bozup, Gazada ýene-de bir palestinalyny öldürdi we bir ýetginjegi ýaralady
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Palestinaly Lukman Gazadan Gitmegi Kabul Etmänden Soň Ysraýylyň Tussaghanasynda Öldi