Ukrainanyň guran hüjümi sebäpli onlarça işçi ýeriň aşagynda galdy

Ukrainanyň Luganskda kömür känine guran hüjümi sebäpi 41 işçi ýeriň aşagynda galdy.

By
Ukrainanyň guran hüjümi sebäpli onlarça işçi ýeriň aşagynda galdy / Reuters

Ukraina rus basyp alyşlygy astyndaky Lugansk sebitinde ýerleşýän Biloriçenka kömür känini nyşana aldy.

Hüjüm sebäpli kömür käninde işleýän 41 işçiniň ýeriň aşagynda galandygy habar berildi.

Russiýa tarapyndan goldanýan ýerli hökümetiň wekili Leonid Paseçnik, duşenbe güni beren beýannamasynda, işçileriň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.

Paseçnik “Degişli guramalar işçileriň halas edilmegi üçin uly tagalla edýär” diýdi.

Başdan geçirlen bu soňky wakala Ukrainanyň gündogarynda güýçlenýän çaknyşyklaryň infrastruktura uly zeper ýetirýändigini görkezýär.

Ukrainanyň Russiýanyň Baltika deňzindäki Primorsk portuna we Norsi nebiti gaýtadan işläp çykarýan desga guran hüjüminiň yzy ýanyndan kömür känine hüjüm guramagy ünsleri özüne çekdi.

Ukraina soňky 1 aýdan bäri Russiýanyň gözegçiligi astyndaky energiýa infrastrukturasyna guraýan hüjümlerini artdyrdy.