DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklardan soň, Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak üçin diplomatik tagallalar tizleşdirildi.
Kreml: ABŞ, Ukraina we Russiýa BAE-de duşuşyk geçirerler
Russiýa we ABŞ
23 Ýanwar 2026

Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň ýokary derejeli wekili Stiw Witkoffyň arasynda Moskwada geçirilen "netijeli" gepleşiklerden soň, ABŞ-nyň, Ukrainanyň we Russiýanyň Birleşen Arap Emirliklerinde gepleşikler geçirmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak üçin diplomatik tagallalar soňky aýlarda güýçlendi, ýöne Moskwa bilen Kiýew territoriýa we uruşdan soňky ylalaşyklar boýunça pikir aýralygyny dowam etdirýärler.

Kremliň beren maglumatyna görä, Stiw Witkoffyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýeti Moskwada Putin bilen duşuşyk geçirip, ir sagatlara çenli dowam eden gepleşikler geçirdiler.

Kremliň diplomatik geňeşçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere gepleşikleriň "ähli taraplaýyn peýdaly" bolandygyny aýtdy.

Uşakow Witkoffyň we ABŞ-nyň wekiliýetiniň gepleşikleri dowam etdirmek üçin Abu Dabi şäherine gidendigini aýtdy we Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň GRU-nyň direktory Igor Kostýukowyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiň hem BAE-e sapar gurajakdygyny belledi.

Uşakow: "Howpsuzlyk meselelerine gönükdirilen üçtaraplaýyn iş toparynyň ilkinji duşuşygynyň şu gün Abu-Dabide geçirilmeği barada karar berildi" diýdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý penşenbe güni ylalaşygyň taslamasynyň "taýýar bolup” barýandygyny aýtdy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen uruşdan soňky howpsuzlyk kepillikleri barada ylalaşyga gelendiklerini mälim etdi.

BAE-däki gepleşikler soňky diplomatik başlangyjyň başlanmagyndan bäri Waşingtonyň, Kiýewiň we Moskwanyň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji tassyklanan üçtaraplaýyn duşuşykdyr.