Makron ABŞ-nyň Ysraýyla basyş etmegini isledi

Fransiýanyň Prezidenti Makron basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň anneksirlenmegi bilen “gyzyl çyzygyň” geçiljekdigini nygtady we Ysraýyla basyş edilmegi üçin ABŞ-na çagyryş berdi.

Makron ABŞ-nyň Ysraýyla basyş etmegini isledi / AP

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ganhor Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Gazada edýän genosidini berk tankyt etdi

Makron, Netanýahunuň ýesirleriň boşadylmagy meselesinde içgin hereket etmeýändigine ünsi çekdi.

Emmanuel Makron çarşenbe güni FRANCE 24 kanalyna beren beýannamasynda “Netanýahu ýesirleriň boşadylmagyny islemeýär. Eger isleýän bolsady Gaza şäherine garşy soňky hüjümi başlatmazdy we Katarda geçirilýän gepleşiklere gatnaşýan Hamasly wekiliýeti nyşana almazdy” diýdi.

Ysraýylyň hüjümleriniň Hamasy ýok edip bilmeýändigini, tersine asuda ilatdan has köp adamyň ýogalmagyna sebäp bolýandygyny nygtan Makron, Ysraýylyň güýçli hüjümlerine garamazdan Palestinli toparyň täsirini dowam etdirýändigini belledi.

Gazadaky hüjümleriň bes edilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş beren Fransiýanyň Prezidenti Makron, Palestin döwletiniň ykrar edilmeginiň parahatçylyk etabyny janlandyrmagy maksat edinýändigini nygtady.

Ysraýyla basyş etmegi üçin ABŞ-na çagyryş beren Makron, basyş etmek üçin esasy ulgamlara eýe bolan ýeke-täk ýurduň ABŞ bolandygyna ünsi çekdi.

Makron, resmi Waşington herekete geçmän halatynda ÝB-ne agza ýurtlaryň sanksiýa meselesini gün tertibine aljakdygyny ýatlatdy.

Prezident Emmanuel Makron, Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriany anneksirlemeginiň Fransiýa üçin “gyzyl çyzygyň” geçilendini manysyny aňlatjakdygyny we Fransiýanyň İýerusalimde ýerleşýän konsullugynyň ýapylmagynyň “uly ýalňyşlyk” boljakdygy barasynda duýduryş berdi.