Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň günorta welaýatlarynda 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda başdan geçirlen apatda ýogalanlary hatyralamak üçin ýörite ýüzlenme çap etdi.
Prezident Erdogan ýurduň taryhyndaky iň uly apatlardan biri bolan ýer titremesiniň üçünji ýylynda çap eden ýüzlenmesinde, döwletiň ýykylan şäherleriň gaýtadan dikeldilmegi üçin beren wadasynda durandygyny belledi.
Prezident Erdogan türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren ýüzlenmesinde, Türkiýäniň üç ýyl ozal başdan geçirlen we 11 welaýata uly zeper ýetiren ýer titremesinde ýogalanlary asla ýatdan çykarmajakdygyny aýtdy.
Erdogan “3 ýyl ozal şu gün başdan geçirlen iki uly ýer titremesinde ýogalan doganlarymyzy asla ýatdan çykarmarys” diýdi.
Ýogalanlaryň mirasyny goramak
Prezident Erdogan, hökümetiň ýogalanlaryň mirasyny goramak we harabalyga öwrülen sebitleriň gaýtadan dikeldilmegini wada berendigini nygtady.
Prezident Erdoogan “Şu gün Beýik biribaryň goldaw bermeginde bu işiň hötdesinden geldik. 3 ýyl ýaly gysga wagtda şäherlerimizi gaýtadan dikeltdik we beren wadamyzda durdyk” diýdi.
Erdoganyň ýüzlenmesinde 2023-nji ýylda başdan geçirlen apat bilen birlikde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň we önümçilik desgalarynyň suratlaryny öz içine alýan wideo ýazgylara hem ýer berildi.
Prezident Erdoganyň şu gün ýer titremesinde ýogalanlaryň hormatyna geçiriljek hatyralama çäresine hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 11 welaýata uly zeper ýetiren iki ýer titremesinde onmüňlerçe adam ýogalypdy.
















