DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Harkow şäherindäki logistika merkezlerine we Çernomorsk portuna harby ýük daşaýan ýük gämisine uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny habar berdi.
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk

Ministrlik tarapyndan berlen beýanatda Russiýanyň harby güýçleriniň düýn gije Ukrainanyň logistika merkezlerine, port infrastrukturasyna we ukrain harbylarynyň bähbitleri üçin ulanylýan gämilere garşy uçarmansyz howa ulaglary arkaly hüjümlerini dowam etdirendigi aýdylýar.

Beýanatda hüjümleriň netijesinde Harkowdaky Ukraina goşuny üçin iki maksatly önümleriň saklanýan "Episentr" logistika merkezine we harby ýükleriň saklanýan we paýlanýan paýlaýyş merkezine gönükdirilendigi aýdylýar. Şeýle hem, şol şäherde harby enjamlary saklamak üçin ulanylýan "Wasişçewo" logistika terminalyna zarba urlandygy bellenilýär.

Beýanatda şeýle hem: "Ukraina goşuny üçin Çernomorsk portuna ýük daşaýan ýük gämisine hem deňizde wagty hüjüm guraldy" diýip malim edildi.

Ministrligiň başga bir beýanatynda bolsa gijäniň dowamynda Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň Moskwa we onuň töweregindäki dürli sebitlerde, şeýle hem Perm sebitinde Ukrainanyň 532 sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigi aýdylýar.