Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) Döwlet baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahýan tarapyndan kabul edildi.
Ministr Fidan sosial media hasabyndan beren beýanatynda Nýu-Ýorkda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň 81-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirlen çärelere gatnaşandan soň BAE-e sapar gurandygyny aýtdy.
Fidan paýtagt Abu Dabide BAE-niň Prezidenti Al Nahýan tarapyndan kabul edilendigini we BAE-niň wise-prezidenti Mansur bin Zaýed Al Nahýan we Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Tahnun bin Zaýed Al Nahýan bilen hem duşuşyklar geçirendigini aýtdy.
Hakan Fidan duşuşyklar bilen bagly beren beýanatynda: "Bu sapar ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak we sebitimiziň öňünde durýan kynçylyklary seljermek babatda örän netijeli boldy. Türkiýe hökmünde sebitimiziň parahatçylygy we gülläp ösmegi üçin sebit raýdaşlygyny pugtalandyrmagy we diplomatik gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýip nygtady.























