Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, Russiýanyň geçen hepde Ukraina 1750 dron hüjümini gurandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Zaporožiýa sebitinde Russiýanyň gözegçiligi astyndaky zolaga Ukraina tarapyndan düýn gije guralan dron hüjüminde 1 adam ýogaldy.
Düýn ýary gije rus sosial media platformasy WK arkaly beren habarda, ýangyn söndüriş işgärleriniň dron hüjüminde nyşana alynan we ýanan binany gözegçilik astyna almaga çalyşýandygy nygtaldy.
Wasiliwkanyň häkimi Natali Romaniçenko, Russiýanyň TASS habarlar gullugyna beren beýnnamasynda, hüjümde 1 zenanyň jesediniň tapylandygyny we10-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Russiýa bolsa Ukrainanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Harkow şäherini nyşana aldy.
Russiýanyň Weýýka Babka obasyna guran hüjüminde 3 adam ýaralandy.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň Telegramdan beren beýannamasynda, rus güýçleriniň düýn gije gözleg we halas ediş toparlaryny nyşana alandygy nygtaldy.
Beýannama görä, ilkinji dron hüjümi 1 öýüň ýanmagyna we 3 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Ikinji dronyň ýangyny söndürmek üçin sebite giden ýangyn söndüriş ulagyny urandygy nygtaldy.
Ukrainaly resmiler tarapyndan “goşa hüjüm” ady berlen şuňa meňzeş hüjümlerde gözeg we halas ediş toparlary nyşana alynýar.
Russiýanyň şenbe güni Ukraina guran raketa we dron hüjümlerinde 12 adam ýogalypdy.
Beýleki tarapdan Russiýa degişli raketanyň Harkow şäherinde 5 gatly binany nyşana almagy sebäpli azyndan 10 adam ýogaldy.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ýekşenbe güni sosial media arkaly beren habarnamasynda, Russiýanyň soňky bir hepde Ukraina garşy 1750 dron hüjümini gurandygy, 1530 sany ugrukdyrlan howa bombasyny we 39 raketa atandygyny aýtdy.