Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy

Ysraýylyň Han Ýunusa guran howa hüjümlerinde polis merkezi nyşana alyndy.

By
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy / Reuters

Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky polis merkezini nyşana alan howa hüjümlerinde biri çaga 6 palestinli ýogaldy, birnäçe adam hem ýaralandy.

Saglygy goraýyş işgärleri Ysraýylyň Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus etrabynda iki polis merkezine howa hüjümini gurandygyny habar berdi.

Hüjümde üç polis bilen biri çaga asuda ilatdan üç adamyň ýogalandygy, 4 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Ysraýylyň şenbe güni ertiriň irki sagatlarynda Gaza guran hüjümlerinde iki dogan bilen birlikde 3 palestinli ýogalypdy, 4 adam hem ýaralanypdy.

Palestiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Ysraýyl 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyga garamzdan 691 adamyň ýogalmagyna, 1876 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan hüjümlerinde 72 müň palestinli ýogaldy, 172 adam ýaralandy.

Hüjümler sebäpli sebitiň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.