Türkiyäniň Goranmak ministrligi Balykesir we Kojaeli welaýatlarynda täsirsiz ýagdaýa getirlen uçarmansyz howa ulaglarynyň galyndylarynyň derňelýändigini we netijeleriň alnandan soň köpçülige mälim ediljekdigini aýan etdi.
Goranmak ministrliginiň metbugat we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça geňeşçisi we metbugat wekili kontr-admiral Zeki Aktürk penşenbe güni goranyş pudagynyň ägirdi ASELSAN-yň 50 ýyllygynyň çäklerinde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi. Zeki Aktürk 15-nji dekabrda Gara deňziň üsti bilen Türkiyäniň howa giňişligine golaýlaşýarka urlup düşürilen uçarmansyz howa ulagynyň galyndylarynyň "örän kiçi bölekler görnüşinde giň meýdana ýaýrandygy üçin" entek doly ýygnalmandygyny habar berdi.
Zeki Aktürk metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Howa giňişligimiziň gözegçiligi radarlar, elektro-optiki sensorlar, gury ýer, deňiz we howa elementleri, şeýle hem NATO-nyň birleşdirilen gurluşy ýaly köp gatlakly arhitektura arkaly hepdäniň 7 güni, günüň 24 sagady üpjün edilýär we bu babatda hiç hili kemçilik ýok” diýip belledi.
Zeki Aktürk pes radar anyklaýyşa eýe bolan, kiçi we pes beýiklikde uçýan uçarmansyz howa ulaglarynyň Türkiye bilen birlikde ähli ýurtlar üçin "täze nesil howp" emele getirýändigini aýtdy.
Zeki Aktürk: "Jemläp aýdylanda, bu wakalar howa goranyşynyň gowşaklygyndan has köp, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dowam edýän uruş sebäpli uçarmansyz howa ulaglarynyň ulanylyşynyň artmagynyň netijesidir. Türkiye uçarmansyz howa ulaglaryna garşy goşmaça çäreleri görýär, milli taslamalar we ýaranlyk integrasiýalary arkaly howa goranyş mümkinçiliklerini yzygiderli gowulandyrýar we howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmegini berk dowam etdirýär" diýip nygtady.
Siriýadaky ýagdaý
Zeki Aktürk PKK/YPG tarapyndan ýakynda amala aşyrylan terrorçylykly hüjümleriň Siriýanyň territoriýal bitewüligine we durnuklylygyna zeper ýetirendigini we ylalaşyk tapgyryna päsgel berendigini aýtdy.
Kontr-admiral Aktürk: “Türkiyäniň öz sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýan pozisiýasy aýdyň we hemmelere mälim. Bu babatda Türkiye Siriýa hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we Bir döwlet, bir goşun ýörelgesini goldamaga berk ygrarlydyr” diýip nygtady.
Gresiýa, Ysraýyl we Kipr Grek böleginiň arasyndaky ylalaşyk
Zeki Aktürk Gresiýanyň, Kipr Grek böleginiň we Ysraýylyň arasynda soňky üçtaraplaýyn sammitde başladylan harby hyzmatdaşlygyň "Türkiyä harby howp döretmeýändigini" nygtady we Türkiyäniň NATO ýaranlygy esasynda Egeý we Gündogar Ortaýer deňzinde konstruktiw gepleşikleri goldaýandygyny aýtdy.
Zeki Aktürk Türkiyäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň howpsuzlygy we hukuklary baradaky garaýşynyň “aýdyň we üýtgewsizdigini” beýan etdi.

















