Günorta Koreýa adalar düşnüşmezligi sebäpli Ýaponiýa bilen geçirjek türgenleşiklerini togtatdy

Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky deňiz hyzmatdaşlygy, Ýaponiýanyň soňky döwürde harby uçuşlar sebäpli jedeleşikli adalaryň golaýynda ýangyç üpjünçiligini bes etmeginden soň togtadyldy.

By
Günorta Koreýa adalar düşnüşmezligi sebäpli Ýaponiýa bilen geçirjek türgenleşiklerini togtatdy / Reuters

Ýaponiýanyň Ýomiuri Şimbun gazeti, duşenbe güni iki ýurduň hökümetine esaslanýan habarynda, Günorta Koreýanyň deňiz flodynyň noýabr aýynyň ahyrynda Ýaponiýanyň deňiz güýçleri bilen geçirmegi meýilleşdiren bilelikdäki gözleg we halas ediş türgenleşigini yza süýşürendigini habar berdi.

Kararyň Ýaponiýanyň üstümizdäki aýyň başynda Günorta Koreýa degişli harby uçarlaryň Okinawadaky harby bazany ýangyn bilen üpjün etmeklerine rugsat bermändigi sebäpli kabul edilendigi nygtaldy.

Ýaponiýanyň, Günorta Koreýa degişli harby uçarlaryň ýaňy ýakynda Ýapon deňziniň golaýynda ýerleşýän jedelli adalaryň golaýyndan uçandygyny öňe sürýändigi bellenildi.

1999-2017-nji ýyllaryň aralygynda 10 gezek geçirlen şol türgenleşikler, 2018-nji ýylyň dekabr aýynda ýapon gözegçilik uçarlary bilen arabaglanşykly harby düşnüşmezlik sebäpli togtadylypdy.

Bilelikdäki türgenleşikleriň gaýtadan başlamagy güýçlenýän özara hyzmatdaşlygyň simwoly hökmünde görülýärdi.

Takeshima hökmünde atlandyrlan we Günorta Koreýada Dokdo hökmünde bilinýän jedelli adalar Günorta Koreýa tarapyndan dolandyrylýar, Ýaponiýa hem şol adalarda öz paýynyň bardygyny öňe sürýär. Şol uzak adajylar Ýapon deňizi hökmünde hem bilinýär.