SYÝASAT
2 minut okamak
Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
5 ýurt tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, BMG-na mesele bilen ýakyndan gyzyklanmagy üçin çagyryş edildi.
Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi / Reuters
5 Ýanwar 2026

Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy Braziliýa, Çili, Kolumbiýa, Meksika we Urugwaý, ABŞ-nyň Wenesuela guran harby operasiýasyna alada bildirýändiklerini mälim etdi we bu wakanyň sebitiň durnuklylygyna wehim salýandygy dugrusynda duýduryş berdi.

Ady agzalýan ýurtlar tarapyndan ýekşenbe güni berlen bilelikdäki beýannamada “Halkara hukugynyň esasy ýörelgelerine, esasan BMG-nyň düzgünnamasynda ýer alýan güýç ulanmagyň we howpuň gadagan edilmegi we döwletleriň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulmagy garşy bolan, Wenesuela guralan bir taraply harby hüjüme uly alada bildirýäris we bu hereketleri ret edýäris” diýdi.

Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdynyň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Wenesuela guran harby hüjüminde Prezident Nikolas Maduro bilen aýaly Jilia Floryň tussag edilmeginden we ABŞ-nyň wagtlaýyn ýurda gözegçilik etjekdigini mälim etmeginden soň beren bilelikdäki beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Maduro bilen aýaly şenbe güni Nýu-Ýorka getirildi we şol günden bäri Brooklyndäki göz asty merkezinde saklanýar. Maduro neşe söwdasyny edýän guramalar we terror guramasy hökmünde häsiýetlendirlen toparlar bilen hyzmatdaşlyk etmekde günäkärlenýär.

Maduro günäkärlemeleri ret edýär, Wenesuelanyň paýtagty Karakasdaky ýolbaşçylar Maduro bilen aýalynyň boşadylmagyny isledi.

BMG-na dartgynlygy azaltmak üçin çagyryş edildi

Ady agzalýan 6 ýurt BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe dartgynlygyň azaldylmagyna we sebitara parahatçylygyň goralmagyna goşant goşmagy üçin çagyryş etdi.

Beýannamada “Halkara hukugyna bap gelmeýän we sebitiň syýasy, ykdysady we sosial durnuklylygyna wehim salýan we strategik çeşmeleriň hökümet tarapyndan gözegçilik edilmegine, dolandyrylmagyna we daşarky güýçler tarapyndan ele geçirilmek synanşyklaryna alada bildirýäris” diýildi.

Tramp şenbe güni beren beýannamasynda, Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-nyň wagtlaýyn Wenesuelanyň hökümetine gözegçilik edip biljekdigini aýdypdy.

Tramp metbugata beren beýannamasynda “Durnuklylyk we adalat ýola goýulýança ýurdy biz dolandyrarys” diýdi.