TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türk Milli zenan woleýbol ýygyndysy Ýewropada çempion boldy
Ay-yyldyzly toparyň baş tälimçisi Daniele Santarelli: "Tomusy isleýän görnüşimizde Aý-ýyldyzly toparyň baş tälimçisi Daniele Santarelli: “Tomusy isleýşimiz ýaly tamamladyk. Ummasyz uly üstünlikler gazandyk.”
Türk Milli zenan woleýbol ýygyndysy Ýewropada çempion boldy
Türk woleýbolçylary

Trendyol 2026 CEV Ýewropa çempionatynyň finalynda Italiýany 3-2 hasabynda utup, çempion bolan Türkiýäniň Milli zenan woleýbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Daniele Santarelli we toparyň kapitany Eda Erdem Dündar tomus üçin öňlerinde goýan maksatlarynyň ählisine ýetendiklerini aýtdylar.

Daniele Santarelli bilen Eda Erdem Dündar Sinan Erdem sport toplumynda geçirilen bäsleşikden soň metbugata beýannama berdiler.

Aýdara zadyň köpdügini bellän italiýaly baş tälimçi şeýle diýdi: “Tomusy isleýşimiz ýaly tamamladyk. Ummasyz uly üstünlikler gazandyk. Federasiýamyz we toparymyz hakykatdan-da gutratly işleriň hötdesinden geldi. Şu gün dünýäniň iň güýçli toparlaryndan birine garşy göreşip, meýdançada oýnuň ahyryna çenli göreşdik. Hakykatdan-da ajaýyp netije gazandyk. Şonuň üçin özümize, toparymyza we eden işlerimize buýsanmalydyrys.”

Öz ýurdunyň ýygyndysyna garşy oýnamagy barada hem durup geçen Santarelli: “Men italiýan. Muny hemmäňiz bilýärsiňiz. Emma men Türkiýe üçin işleýärin. Bütün güýjümi Türkiýe üçin sarp edýärin. Bar bolan ähli mümkinçiliklerimi bu toparyň has uly üstünlikler gazanmagy üçin ulanýaryn. Elbetde, meniň Italiýanyň raýatydygymy aýtmagyňyz örän tebigy. Ýöne men bu ýurdy örän gowy görýärin. Bu ýurduň adamlaryny hem örän gowy görýärin. Şu ýurt bilen bilelikde üstünlik gazanmagy, şeýle netijelere ýetmegi örän-örän isleýärin” diýip aýtdy.

Milli zenan woleýbol ýygyndysynyň kapitany Eda Erdem Dündar, tomaşa etmek üçin örän gyzykly oyunlardan birinin oýnalandygyny aýtdy.

Çempion bolandyklary üçin örän buýsançlydyklaryny nygtan Eda Erdem Dündar: “Biz örän bagtly. Topar hökmünde tomsuň başynda öňümizde goýan maksatlarymyzyň ählisine ýetdik. Şu gün hem ajaýyp tomaşaçylar bardy. Tomaşa etmek üçin örän gyzykly we çekeleşikli oýun boldy. Käbir pursatlarda oýnuň depginini ýitiren hem bolsak, tomaşaçylaryň goldawy we bize bolan ynamy bizi täzeden oýna gaýtaryp getirdi. Italiýa garşy 2-1 hasabynda yza galandygynyza garamazdan oýunda 3-2 hasabynda üstün çykdyk. Ikinji gezek Ýewropa çempiony bolandygymyz üçin örän bagtly” diýip belledi.

Öwren
Burhanettin Duran Saud Arabystanynda guralan hüjümlere reaksiýa bildirdi
Prezident Erdoganyň “Türki dünýä” baradaky ýüzlenmesi
Türkiýe we Hytaý kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça ylalaşyga gol çekdi
MHG-nyň ýolbaşçysy Kalyn Siriýanyň Daşary işler ministri Şaýbani bilen duşuşdy
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldular
Kanadanyň Premýer ministri Mark Karni Türkiýä ilkinji saparyny amala aşyrar
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär
Türkiýe, Husileriň Medine şäherindäki raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy
MHG Reýhanly hüjüminiň jenaýatçysyny tussag etdi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
TEKNOFEST Türkiýäniň Günorta-gündogarynda öz işine başlady
Fidan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Premýer-ministri Wüst bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan BAE-niň Döwlet baştutany Al Nahýan tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Erdogan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ştatynyň Premýer-ministri Wýusti kabul etdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan BAE-e sapar gurar