Ýerli saglygy goraýyş işgärlerine görä, Ysraýylyň Gurban baýramynda Gaza guran hüjümlerinde azyndan 33 palestinli ýogaldy, 130-dan gowrak adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň harby goşuny ylalaşyga garamazdan Gurban baýramynda sebitde gandöküşikli hüjümlerine dowam etdi.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, soňky 24 sagatda Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 1 palestinliniň ýogalandygy, 8 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Ministrlige görä, 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren ylalalşyga garamazdan 930 palestinli ýogaldy, 2 müň 819 adam hem ýaralandy. Harabalygyň aşagyndan 781 jeset çykaryldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 939 adama, ýaralananalryň sany bolsa 172 müň 927 adama ýetdi.
Gazada müňlerçe palestinliniň jesediniň bolsa harabalygyň aşagynda galandygy nygtalýar.













