Donald Tramp Wenesuelanyň Prezidenti Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maduro bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini tassyklady emme mesele hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.
Tramp ýekşenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Hawa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik emma mesele hakynda garaýyş beýan etmek islemeýärin” diýdi.
Tramp telefon söhbetdeşliginiň nähili ýagdaýda geçendigi hakynda soraga bolsa “Gowy ýada erbet geçendigi hakynda hiç zat aýdyp bilmerin” diýip jogap berdi.
“Nýu Ýork Taýmes” gazeti anna güni beren habarynda, iki lideriň geçen hepde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we ýakynda özara duşuşyk geçirmek meselesiniň seljerlendigini mälim edipdi.
Tramp “Wenesuelany ýakyn dost hökmünde görmeýäris. Ýurdumyza millionlarça adam ugratdy, olaryň arasynda tussaghanalardan gaçanlar we neşe söwdasyny edýänler bar” diýdi.
Tramp, soňky günlerde Wenesulanyň howa giňişlegi boýunça beren duýduryşlaryndan soň şol ýurda howa hüjümi guralarmy? diýlen soraga bolsa “Mundan başgaça many çykarmaň” diýip jogap berdi.
Tramp, ABŞ bilen Wenesuelanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjeýän döwründe Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini tassyklady.
Donald Tramp ýaňy ýakynda Wenesuela bilen bolan howa giňişlikleriniň dolulygyna ýapyljakdygyny mälim edipdi.
OPEJ-iň Baş sekretary Haitham Al Ghaise we agza ýurtlara ugradylan Wenesuelanyň Daşary işler ministri Ýwan Gil tarapyndan Telegramda paýlaşylan hatda, Prezident Nikolas Maduro tebigy baýlyklaryny goramakda tutanýerlidigini aýtdy.
Maduronyň bu haty Trampyň şenbe güni Welesuleanyň howa giňişliginiň dolulygyna ýapyljakdygyny beýan etmeginden soň çap edildi.
Wenesuelanyň lideri, ABŞ-nyň ýurdunyň nebit ätiýajyny ele geçirmek üçin “harby güýç” ulanmaga taýardygyny öňe sürdi we munyň ýurdunyň topraklaryna, halkyna we guramalaryna abanýan esasy howpdygyny nygtady.
Tramp penşenbe güni beren beýannamasynda ABŞ-nyň ýakynda Wenesuela garşy operasiýa başlatjakdygyny mälim etdi.
Sentýabr aýyndan bäri deňizde guralan we azyndan 83 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan 21 harby hüjümden soň berlen bu beýannama ünsleri özüne çekdi.