DÜNÝÄ
2 minut okamak
Donald Tramp Wenesuelanyň Prezidenti Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maduro bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.
Donald Tramp Wenesuelanyň Prezidenti Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Donald Tramp Wenesuelanyň Prezidenti Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi / REUTERS

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini tassyklady emme mesele hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.

Tramp ýekşenbe güni metbugata beren beýannamasynda “Hawa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik emma mesele hakynda garaýyş beýan etmek islemeýärin” diýdi.

Tramp telefon söhbetdeşliginiň nähili ýagdaýda geçendigi hakynda soraga bolsa “Gowy ýada erbet geçendigi hakynda hiç zat aýdyp bilmerin” diýip jogap berdi.

“Nýu Ýork Taýmes” gazeti anna güni beren habarynda, iki lideriň geçen hepde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we ýakynda özara duşuşyk geçirmek meselesiniň seljerlendigini mälim edipdi.

Tramp “Wenesuelany ýakyn dost hökmünde görmeýäris. Ýurdumyza millionlarça adam ugratdy, olaryň arasynda tussaghanalardan gaçanlar we neşe söwdasyny edýänler bar” diýdi.

Tramp, soňky günlerde Wenesulanyň howa giňişlegi boýunça beren duýduryşlaryndan soň şol ýurda howa hüjümi guralarmy? diýlen soraga bolsa “Mundan başgaça many çykarmaň” diýip jogap berdi.

Tramp, ABŞ bilen Wenesuelanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjeýän döwründe Maduro bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini tassyklady.

Donald Tramp ýaňy ýakynda Wenesuela bilen bolan howa giňişlikleriniň dolulygyna ýapyljakdygyny mälim edipdi.

OPEJ-iň Baş sekretary Haitham Al Ghaise we agza ýurtlara ugradylan Wenesuelanyň Daşary işler ministri Ýwan Gil tarapyndan Telegramda paýlaşylan hatda, Prezident Nikolas Maduro tebigy baýlyklaryny goramakda tutanýerlidigini aýtdy.

Maduronyň bu haty Trampyň şenbe güni Welesuleanyň howa giňişliginiň dolulygyna ýapyljakdygyny beýan etmeginden soň çap edildi.

Wenesuelanyň lideri, ABŞ-nyň ýurdunyň nebit ätiýajyny ele geçirmek üçin “harby güýç” ulanmaga taýardygyny öňe sürdi we munyň ýurdunyň topraklaryna, halkyna we guramalaryna abanýan esasy howpdygyny nygtady.

Tramp penşenbe güni beren beýannamasynda ABŞ-nyň ýakynda Wenesuela garşy operasiýa başlatjakdygyny mälim etdi.

Sentýabr aýyndan bäri deňizde guralan we azyndan 83 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan 21 harby hüjümden soň berlen bu beýannama ünsleri özüne çekdi.

 

 

Öwren
Siriýadan Daşary işler ministri derejesinde 19 ýyl soň Pakistana ilkinji sapar guraldy
Indoneziýada bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjüminde 8 adam ýogaldy, 33 adam ýaralandy
Russiýa bilen Ukraina BAE-niň araçylygy bilen 103 tussaglyny 103 tussagla çalşdylar
Braziliýada ýük ulagy bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 21 adam ýogaldy
KDR-da Ebola bilen kesellän adamlaryň sany artýar
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Kalibaf Yrakda saparda bolýar
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hytaýyň Syçuan welaýatynda binanyň diwarynyň çökmegi netijesinde bäş adam ýogaldy
Britaniýada salmonella epidemiýasy sebäpli 1 adam ýogaldy, 207 adam bellige alyndy
Tramp Ormuz bogazyny "ABŞ-nyň territoriýasy" hökmünde görkezýän suraty paýlaşdy
“Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa täze köp blokly dünýä ulgamyny gözleýär”
Ukrainanyň birnäçe hepde bäri rus hüjümlerine garşy “Patriot” ulanyp bilmeýändigi öňe sürüldi
Fransiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi
Filippinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ysraýyl Siriýanyň Idlib welaýatyndaky Abu Zuhur harby howa menziline hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ysraýyl Liwanyň günortasyna howa hüjümini gurady
Ganhor Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Gazada çadyrlara hüjüm gurady