Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Müsüre guran saparyndan gaýdyşyn metbugata beren beýannamasynda, ýerli harby uçar KAAN hakynda övgüli sözleriň aýdylandygyny nygtap, Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň goranyş senagaty boýunça edýän hyzmatdaşlygyny artdyrjakdygyny belledi.
Prezident Erdogan metbugata beren beýannamasynda “KAAN hakynda övgüli sözler aýdyldy. Saud Arabystany goranyş senagaty pudagyna maýa goýmak isleýäris. Bu ugurda birlikde maýa goýup bileris” diýdi.
Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyk hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmegini umyd edýändigini aýtdy.
Gazada başdan geçirilýän soňky vakalara ünsi çeken Prezident Erdogan, Türkiýäniň Gaza parahatçylyk meýilnamasynyň iş ýüzüne geçirilmegi, Gazada parahatçylygyň ve durnuklylygyň gaýtadan ýola goýulmagy etabynda uly rol oýnajakdygyny belledi.
















