DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
"Ormuz bogazynyň günbatar böleginde 3 gämi deňiz minalaryna degdi"
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi
Eýranyň Ynkylap goragçylary: “Pars aýlagynda nebit daşaýan dört gämi nyşana alyndy” diýdi

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Harby-deňiz güýçleri Pars aýlagynyň demirgazyk böleginde nebit ýüklerini daşaýan dört gämä şol bir wagtyň özünde hüjüm guralandygyny we henizem ýanýandygyny habar berdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan berlen metbugat beýanatynda nebit daşaýan mahalynda "rugsatsyz" ýollardan geçýän dört gäminiň anyklanandygy we şol bir wagtyň özünde hüjüm edilendigi mälim edildi.

Beýanatda mundan başgada düýn gije Ormuz bogazynyň günbatarynda üç gäminiň deňiz minalaryna degendigi we ýanmaga başlan gämileriň saklanandygy aýan edildi.

ABŞ-ny gämileriň minalanan geçelgeden geçmegine rugsat bermek bilen aýyplaýan Eýranyň Ynkylap goragçylary onuň gämi heläkçilikleriniň köpelmegine sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Beýanatda Waşington dolanşygyna ABŞ-nyň bu pozisiýasyny dowam etdiren halatynda, jogap çäresiniň sebitdäki ABŞ bazalaryny hem öz içine aljakdygy barada duýduryş berildi.