Russiýa bilen Ukraina Stambul gepleşiklerinde ýesir çalşygy boýunça ylalaşyk gazandy

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow, Stambulda geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde gazanylan ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde 1000 ýesiriň çalşyljakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow, düýn beren beýannamasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň söweşiň başlan gününden bäri iň uly ýesir çalşygy ylalaşygyny gazanandygyny mälim etdi.

Stambulda metbugata beýannama beren Umerow “Gepleşikler tamamlandy. Atyşygyň bes edilmegi we ýesir çalşygy hakynda pikir alyşdyk. 1000 ýesir bilen 1000 ýesiriň çalşylmagy boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Umerow ýesir çalşygy üçin wagtyň kesgitlenendigini emma häzirki pursatda hiç hili maglumatyň berilmejekdigini belledi.

“Umuman kanagatlanarly”

Ukraina bilen geçirlen gepleşiklerde rus wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Wladimir Medinskiý, resmi Moskwanyň gepleşikleriň netijesine umuman kanagatlanma bildirýändigini we aragatnaşyk saklamaga dowam etjekdigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Fidan Dolmabahçe köşgünde geçirlen we 1 sagat 45 minut dowam eden gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Türkiýäniň wekiliýetinde Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy İbrahim Kalyn hem ýer aldy.

Russiýanyň wekiliýetine Prezident Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk etdi.

Wekiliýetde Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin, Harby razwetka gullugynyň başlygy Igor Kostýukow we Goranmak ministriniň orunbasary Aleksander Fomin bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ýer aldy.

Ukrainanyň wekiliýetine Goranmak ministri Rüstem Umerow ýolbşaçylyk etdi.

Wekiliýetde Daşary işler ministriniň orunbasary Sergiý Kyslytsýa, Razwetka gullugynyň başlygynyň orunbasary Oleksandr Roklad we Prezidentiň geňeşçisi Olaksandr Bewý bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ýer aldy.