Gresiýada dowam edýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşde ölen ýangyn söndürijileriň sany 3-e ýetdi.
“BBC-niň” habar bermegine görä Gresiýanyň birnäçe sebitlerinde tokaý ýangynlaryna garşy göreş dowam edýär.
Kritde 2 ýangyn söndürijiniň ölmeginden soň Peloponnes ýarymadasynda dowam edýän tokaý ýangynynda ýene-de bir ýangyn söndüriji pida boldy.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ýangyn söndürijiniň iş ýeriniň golaýynda huşsuz ýagdaýda tapylandygy we soň bolsa ýogalandygy habar berildi.
Şol bir wagtyň özünde, tokaý ýangynlarynyň dowam edýän ýerlerinden biri bolan Kritde güýçli ýeliň alawyň ýaýraýyş tizligini artdyrmagy sebäpli 8000 adam ewakuasiýa edildi.



















