Tähran urşuň bes edilmegi üçin näme teklip edýär?
SYÝASAT
2 minut okamak
Tähran urşuň bes edilmegi üçin näme teklip edýär?ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Tährana edilýän basyşy artdyrmak üçin deňiz gabawynyň dowam etdirilmegini isleýär.
Tähran urşuň bes edilmegi üçin näme teklip edýär? / Reuters

Ýekşenbe güni çap edilen habarda, Eýranyň Ormuz bogazyny açmagy we urşu bes etmegi, ýadro gepleşikleriniň bolsa oňky tapgyrda gün tertibine getirilmegini teklip edendigi nygtaldy.

Axios habar saýtynyň berýän habaryna görä, Eýran ýadro maksatnamasy meselesiniň çykgynsyz ýagdaýa gelmeginden soň  Pakistan arkaly ABŞ-na teklip hödürledi.

Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýan çeşmeler, uranyň kämilleşdirilmegi meselesiniň gün tertibinden wagtlaýyn çykarylmagynyň, gabawyň bes edilmeginiň we deňiz gatnawynyň adaty ýagdaýda başlamagynyň maksat edinilýändigini nygtady.

Teklibe görä ylalaşygyň möhledi uzadylar we yzygiderli ýagdaýa getirler. Ýadro gepleşikleri bolsa bogaz gaýtadan açylandan we çäklendirmeler bes edilenden soň başlar.

Amerikaly resmilerden biri Tähran tarapyndan Ak Tama teklibiň gelendigini emma teklibiň heniz seljerilmändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şu gün egindeşleri bilen Eýran meselesini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Prezident Donald Tramp, Tährana edilýän basyşy artdyrmak üçin Eýranyň portlaryndaky deňiz gabawyny dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Tramp “içerki basyşlara sezewar bolýan Eýranyň üç güni bar” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi hepdäniň ahyrynda Pakistanda we Omanda möhüm duşuşyklar geçirdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladinir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Oliwia Wales “Bular ynjyk diplomatik gepleşikler. Kartlar ABŞ-nyň elinde” diýdi.

Eýran bilen ABŞ aprel aýynyň 11-12-i aralygynda Yslamabatda gepleşik geçiripdi, emma ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji aprelde gazanylan atyşygyň bes edilmegi baradaky iki hepdelik ylalaşygyň möhlediniň uzadylandygyny habar berdi.

 

 

Öwren
Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen duşuşdy
“Türkiýe dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär"
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler sammiti Bişkekde öz işine başlady
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Bişkege bardy
Tramp “Men ABŞ-nyň Prezidenti bolmadyk bolsadym Ysraýyl ýok bolardy”
Eýran Ormuz bogazynda ABŞ-na degişli MQ-9 kysymly drony urup düşürendigini habar berdi
Ukraina Samara sebitindäki senagat desgasyna we Ozon onlaýn söwda ammaryna hüjüm gurady
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy: “Duşmanyň täze howplaryna degişli gaýtawuly görkezeris”
BMG-nyň Baş sekretary Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerini berk ýazgardy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”