DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň neşe daşaýandygy öňe sürülýän iki gämä guran hüjüminde 5 adam ýogaldy
ABŞ Ýuwaş ummanynda neşe daşaýandygy öňe sürlen iki gämä hüjüm gurady.
ABŞ-nyň neşe daşaýandygy öňe sürülýän iki gämä guran hüjüminde 5 adam ýogaldy
ABŞ-nyň neşe daşaýandygy öňe sürülýän iki gämä guran hüjüminde 5 adam ýogaldy / Reuters
19 Dekabr 2025

ABŞ-nyň Uwaş ummanynda neşe daşaýandygy öňe sürlen iki gämä guran hüjüminde 5 adam ýogaldy

Soňky hüjümler bilen birlikde ABŞ-nyň Karaibde we Ýuwwaş ummanynda guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 104 adama ýetdi.

ABŞ-nyň Günorta serkerdeligi tarapyndan berlen beýannama görä, ABŞ Ýuwaş ummanynyň gündogarynda neşe daşaýandygy öňe sürlen iki gämä hüjüm gurady.

Hüjümiň penşenbe güni Goranmak ministri Pir Hersetiň tabşyrygy boýunça halkara suw giňişliginde guralandygy bellenildi.

ABŞ-nyň Günorta serkerdeliginiň X sosial media paltformasy arkaly beren habarnamasynda “Operasiýada birinji gämide 3, ikinji gämide bolsa 2 adam bolmak bilen neşe söwdasyny edýän 5 terrorçy öldürildi. Operasiýada amerikan esgerlerine hiç hili zyýan ýetirilmedi” diýildi.

ABŞ-nyň harby goşuny bir gün ozal hem neşe maddalaryny daşaýandygy öňe sürlen başga bir gämä guran hüjüminde 4 adamy öldüripdi.

Soňky hüjüm bilen birlikde ABŞ-nyň Karaibde we Ýuwwaş ummanynda guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 104 adama ýetdi.