DÜNÝÄ
1 minut okamak
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Dron hüjüminde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy
Sudan bilen Günorta Sudanyň arasyndaky jedelleşikli zolaga guralan hüjümde 153 adam ýogaldy

Sudan bilen Günorta Sudanyň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolan Abýei sebitindäki bazar ýerine guralan dron hüjüminde 153 adam ýogaldy.

Abýei sebitiniň wagtlaýyn Maglumatlar ministri Ýohanna Akol Ngor, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän Amiet bazaryna hüjüm guralandygyny we hüjümde bazaryň golaýyndaky ýangyç ammarynyň nyşana alynandygyny aýtdy.

Ngor hüjümden soň ýangyç ammarynyň ýanandygyny belledi.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 153 adamyň ýogalandygyny aýdan Ngor, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini nygtady.

 BMG-nyň Baş sekretary hüjümi ýazgardy we hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde asuda ilatdan köp sanly adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Gara altyna baý Abýei sebitinin statusy, Günorta Sudanyň 2011-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň hem çözülip bilinmedi.