Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani 19 ýyl soň Pakistana baran Siriýanyň ilkinji daşary işler ministri boldy.
Şeýbani 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Başar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň guran ilkinji resmi saparynyň çäginde Yslamabada bardy.
Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani Yslamabatda Pakistanyň Daşary işler ministri Ishak Dar bilen duşuşdy.
Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.
Siriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbaniniň iki günlük resmi saparynyň çäginde Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşmagyna garaşylýar.






















