SYÝASAT
2 minut okamak
Maduro ABŞ-Wenesuela dartgynlygy sebäpli Kolumbiýadan harby kömek sorady
Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegi sebäpli Kolumbiýadan harby kömek sorady.
Maduro ABŞ-Wenesuela dartgynlygy sebäpli Kolumbiýadan harby kömek sorady
Maduro ABŞ-Wenesuela dartgynlygy sebäpli Kolumbiýadan harby kömek sorady / Reuters
18 Dekabr 2025

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Waşingtonyň berk tutumy we täze sanksiýalaryň goýuljakdygy baradaky hemlesi sebäpli sebitde ýerleşýän ýurtlara jebislik çagyryşyny berdi.

Prezident Maduro ABŞ bilen başdan geçirýän dartgynlyklarynyň möwjemegi sebäpli çarşenbe güni Kolumbiýanyň syýasy liderlerine, ýurtdaky sosial toparlara we ýaragly guramalara gyssagly çagyryş edip, harby arkalaşygyň güýçlendirilmegini teklip etdi.

Sebitara jebisligiň parahatçylyk we özygtyýarlyk üçin möhümdigine ünsi çeken Maduro, Kolumbiýanyň harby goşunynyň ABŞ-na garşy Wenesuela bilen hyzmatdaşlyk etmegini isledi.

Maduro “Olardan ýurtlarymyzyň özygtyýarlygyna garşy bolan haýsydyr bir ýurduň tutumyna garşy durmakda Wenesula bilen arkalaşykly hereket etmeklerini isleýärin”diýdi.

Madoro resmi Waşingtonyň çaknyşyk ähtimallygy barada beren birnäçe beýannamasyndan soň harby kömek çagyryşyny berdi.

Nikolas Maduro, Wenesulanyň Amerikanyň nebitini, topraklaryny we gymmatly serişdelerini” ogurlandygy hakyndaky garaýşyndan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy, “baknalyga” goldaw bermekde günäkärledi.

Maduro bu günäkärlemeleriň ýurdunda häkimiýeti çalyşmak üçin bahana bolandygyny aýtdy we täze hökümetiň gurulmagy baradaky synanşyklaryň netijesiz boljakdygy dogrusynda duýduryş berdi.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Wenesulanyň Prezidenti Madorynyň ýolbaşçylygyny hökümeti “Daşary ýurtly terror guramasy” hökmünde yglan etjekdigi baradaky hemlesinden soň has-da artdy.

Donald Tramp Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda, Karakas ABŞ-nyň talaplaryny kabul edýänçä basyş etmäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Wenesulanyň Prezidenti Madorynyň Kolumbiýa beren çagyryşy, diplomatik we harby dartgynlygyň artmaga dowam etjekdigini görkezýär.