Türkiye Siriýadaky ylalaşygy “terrordan azat zolak” üçin öwrülişik nokady hökmünde häsiýetlendirdi
Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy: “Territorial bütewiligi gorap saklaýan we terror guramalaryndan azat bolan Siriýa sebitleýin parahatçylygyň açarydyr” diýdi.
Türkiyäniň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran ýekşenbe güni Siriýada gazanylan "Ot açmagy bes etmek we doly integrasiýa ylalaşygyny" prezident Rejep Taýýip Erdoganyň köpden bäri nygtaýan maksady bolan "terrordan azat zolak" döretmek maksadyna laýyklykda möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi.
Burhanettin Duran Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Ylalaşygyň şertleriniň ýerine ýetirilişi berk gözegçilikde saklanar" diýip, wakalaryň tötänleýin däldigini, tersine, Prezident Erdoganyň ýyllardan bäri aýdyp gelýän ýörelgeleriniň we duýduryşlarynyň beýanydygyny belledi.
Duran Siriýada dowamly durnuklylygyň ähli etniki we messep toparlarynyň hukuklaryny deň raýatlyk esasynda kepillendirmäge baglydygyny aýdyp: "Öz territorial bütewiligini gorap saklaýan we terror guramalaryndan azat bolan Siriýa sebitleýin parahatçylygyň açarydyr. Siriýanyň hökümetiniň bu babatda eden ädimleri we görkezen tagallalary möhümdir" diýip habar berdi.
Burhanettin Duran Türkiyäniň hem ýerinde, hem gepleşik stolunda güýçli aktýordygyny nygtady; terror guramalaryna garşy operasiýalaryň Türkiyäniň serhetlerinde howpsuz zolagy döretmäge kömek edýändigini we diplomatik tagallalaryň Siriýanyň geljegini kemala getirýän tapgyrlary goldaýandygyny belledi.
Duran: “Siriýanyň territorial bütewiligi we özygtyýarlylygy Türkiye üçin hökmanydyr” diýip, Ankaranyň goňşusynyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygyndan aýyrmaýandygyny we parahatçylygy ýörelge, durnuklylygy bolsa maksat hökmünde hasaplaýandygyny beýan etdi.