Türkiye “uzak wagtdan bäri garaşylýan” Gaza ýaraşygyndan hoşaldygyny aýtdy
Ankara halkara jemgyýetçiligini ok atyşygy bes etmeklige, zorlugyň öňüni almaga we Gazada dikeldiş tagallalaryna goldaw bermäge çagyrdy.
Türkiye Gaza uzak wagtdan bäri garaşylýan ýaraşygy hoşallyk bilen kabul edip, halkara jemgyýetçiligini uruşdan ejir çeken sebitde durnuksyz ýaraşygy gorap saklamaga we ynsanperwer kömek we dikeltmek tagallalaryny goldamaga çagyrdy.
Türkiyäniň BMG-däki hemişelik wekiliniň orunbasary Asly Güwen penşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Palestina bilen bagly geçirlen maslahatynda eden çykyşynda: “Türkiye Gazada ok atyşlygy bes etmek baradaky ylalaşykdan hoşaldyr we ylalaşygyň doly we dessine ýerine ýetirilmegini talap edýär” diýdi.
Asly Güwen: “Halkara jemgyýetçiligi hökmünde biziň iň esasy ileri tutýan maksadymyz bu uzak wagtlap garaşylýan we kynçylyk bilen gazanylan ok atyşygy bes etmek şertnamasyny nähili bolsa-da gorap saklamak bolmaly” diýip belledi.
Asly Güwen ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulmagynyň we basylyp alnan Günbatar Şeriýada Palestinanyň ýerlerini basyp alýan Ysraýylyň zorlugynyň öňüni almagyň zerurdygyna ünsleri çekip: “Ysraýylyň Liwana, Siriýa we giň sebite garşy hüjümleri we durnuksyzlaşdyryjy syýasaty bes edilmelidir” diýip duýduryş berdi.
Türk diplomat: "Ýakyn Gündogar indi hemişelik uruş döwrüne çydam edip bilmeýär. Düşünişmezçilikler güýç ulanmak arkaly däl-de, diplomatik gatnaşyklar we gepleşikler arkaly çözülmelidir" diýdi.
Asly Güwen ikinji ileri tutulýan ugur hökmünde Gaza ynsanperwer kömeginiň päsgelçiliksiz iberilmeginiň üpjün edilmegidigini we BMG-nyň degişli guramalary, şol sanda UNWRA bilen ýakyndan utgaşdyrylyp, täzeden dikeltmek işlerini gijikdirmezden başlamakdygyny aýtdy.