DÜNÝÄ
1 minut okamak
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň ýadro ýaraglaryny ýok etmek baradaky çagyryşyny ýazgardy
Phenýan ýurduň ýadro ýaraglaryndan hiç haçan el çekmejekdigini aýtdy.
Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň ýadro ýaraglaryny ýok etmek baradaky çagyryşyny ýazgardy
27 Awgust 2025

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýanyň prezidenti Li Çže Mýonyň ýaňy-ýakynda ABŞ-a guran saparynda Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaragsyzlandyrylmagy barada beren çagyryşy sebäpli "ikiýüzli hakyky şahsyýetini" ýüze çykarmak bilen aýyplady.

Döwlet gözegçiligindäki Koreýa Merkezi Habarlar Gullugy (KCNA) tarapyndan çap edilen teswirde Phenýan Liniň Waşingtondaky Strategiki we halkara barlaglar merkezinde daşary syýasat bilen bagly eden çykyşyny tankyt etdi. Li öz çykyşynda ABŞ-Günorta Koreýa bileleşigini tassyklady we öjükdirmelere berk çäre görüljekdigini duýdurdy.

KCNA: “Bizi garyp, emma berk goňşular hökmünde häsýetlendirip tankyt etdi we ondan soň ýadro ýaraglardan saplanmak ýaly bolgusyz pikiri orta atmaga başlady” diýip belledi.

Demirgazyk Koreýa şeýle hem ýadro ýaraglaryndan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýa: "Milli abraýymyz we howpsuzlygymyz üçin ýadro ýaraglaryndan asla ýüz öwürmezlik kararymyz çürt-kesik üýtgemez" diýildi.

Beýanatda Demirgazyk Koreýanyň ýadro energiýasy ýagdaýynyň daşardan "duşmançylykly howplar" we global howpsuzlygyň üýtgeýän deňagramlylygyny görkezýän "gutulgysyz saýlaw" bolandygy nygtaldy.

Li Waşingtona guran saparynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa şu ýylyň ahyrynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşmagy teklip etdi. Günorta Koreýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Kan Ýu Çžon Trampyň bu teklibi "gaty akylly teklip" diýip häsýetlendirendigini aýtdy.

Tramp ilkinji möhletinde Kim bilen üç gezek duşuşyk geçiripdi. Şolaryň ikisi Koreýany bölýän ýaragsyzlandyrylan zolakda amala aşyrylypdy.

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy