Türkiye Respublikasynyň Prezideniniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabynda berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Alžiriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we global wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Alžiriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda, esasan hem söwda, energiýa we goranmak senagaty ýaly ugurlarda has-da ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy we Türkiyäniň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalaryny artdyrmaga dowam etjekdigini beýan etdi.
Prezident Erdogan şeýle hem Alžiriň Prezidenti Tebbuny we doganlyk Alžiriň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.

















