Daşary işler ministri Hakan Fidan Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa guran sapary barada NSosýal arkaly beren habarnamasynda, saparynyň Bakuwyň basyp alyşlykdan halas bolmagynyň 108-nji ýylyna gabat gelendigini nygtady.
Hakan Fidan “Sebitara we halkara derejesinde möhüm wakalaryň başdan geçirilýän günlerinde doganlyk ýurt, ýaranymyz Azerbaýjanda saparda boldum” diýdi.
Fidan Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň başda durmagynda azerbaýjanly resmilere içginlikleri we myhmansöýerlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edilendigini we Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşandygyny aýdan Fidan, gepleşiklerde sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirlendigini belledi.
Günorta Kawkazda yzygiderli parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy, Türk dünýäsiniň geljegi, ykdysadyýet, söwda we energetika meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Fidan “Ynjyk sebitimizde Türkiýe bilen Azerbaýjan iki durnuklylyk adasy. Doganlyk ýurt Azerbaýjan bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy has-da berçinleşdirmäge dowam ederis” diýdi.





















