“Rus nebiti üçin tölenen her dollar urşa giden puldyr”

Ukraina Waşingtonyň rus deňiz gatnawy üçin döredilen ýeňilligiň möhlediniň uzadylmagyndan soň, nebit eksportundan alynjak täze girdeji sebäpli ýurduna guraljak hüjümleriň artjakdygy barada duýduryş berdi.

By
“Rus nebiti üçin tölenen her dollar urşa giden puldyr” / AP

Ukraianyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, ýekşenbe güni rus nebit pudagyna goýlan çäklendirmeleriň gowşadylmagyny berk tankyt etdi.

Zelenskiý Moskwanyň çig nebit satuwyny dowam etdirmeginiň Ukraina garşy guralýan hüjümleriň artmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

X sosial media arkaly beren habarnamasynda “Rus nebiti üçin tölenen her dollar urşa giden puldyr” diýen Zelenskiý, nebitiň girdejisiniň Ukrainanyň şäherlerine guralýan hüjümlerde ulanylýan raketalara, dronlara we bombalara öwrülendigini belledi.

Ukrainanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň, rus nebit önümleriniň satylmagy üçin döredilen ýeňilligiň möhlediniň bir aý uzadylmagy baradaky kararyndan soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

 Ady agzalýan kararyň Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli halkara bazarlarda nebitiň bahasynyň ýokarlamagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen kabul edilendigi nygtaldy.

Ukraina bolsa karary Russiýanyň harby hüjümlerini artdyrjak serişde hökmünde görýär. Ýagny “Täze hüjümler üçin 10 milliard dollar”

Zelenskiý halkara sanksiýalara garamazdan rus nebitini daşaýan 110-dan gowrak tankeriň deňizlerdedigini we şol gämileriň 12 million tonnadan gowrak çig nebit daşaýandygyny aýtdy.

Sanksiýalaryň wagtlaýyn gowşadylmagyna garşylyk görkezen Zelenskiý “Bu 10 milliard dollar diýmek, gönüden Ukraina täze hüjümleriň guralmagyna sebäp boljak serişde” diýdi.

Zelenskiý Russiýanyň soňky 1 hepdede Ukraina 2360-dan gowrak dron hüjümini gurandygyny we 60 raketa atandygyny aýtdy.

Russiýa tarapyndan Ukrainanyň demirgazygynda ýerleşýän Çernihow şäherine guralan soňky hüjümde 16 ýaşyndaky ýetginjegiň ýogalandygy, 4 adamyň ýaralanandygy bellenildi.