Hytaý çarşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk Geňeşine goşulmaga çagyrylandygyny yglan etmeginden bir gün soň Birleşen Milletler Guramasyny merkez edinen halkara ulgamy goldamaga dowam etjekdigini beýan etdi.
Pekin sişenbe güni ABŞ-dan geňeşe goşulmak üçin çakylyk alandygyny tassyklady. “AFP-niň” habar bermegine görä geňeşiň düzgünnamasy düşnüşmezlikleri çözmegi maksat edinýär.
Hytaý çakylygy kabul edip-etmejekdigini heniz kesgitlemedi, emma Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Guo Jiakun çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Pekiniň "özgerlişikliklere" garamazdan BMG-na esaslanýan halkara dünýä ulgamyny goldajakdygyny aýtdy.
Guo: "BMG meselesine gelende bolsa, Hytaý mydama hakyky köptaraplylygy iş yüzüne geçirdi. Halkara şertler nähili üýtgese-de, Hytaý merkezi Birleşen Milletler Guramasy bolan halkara ulgamy we BMG-niň Düzgünnamasynyň maksatlaryna hem-de we ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklaryny berk gorar" diýdi.
Pekinde neşir edilýän "Global Times" gazetiniň habar bermegine görä Guo bu sözleri Trampyň BMG-niň dowam etmelidigini, ýöne "parahatçylyk geňeşiniň" dünýä guramasynyň ornuny tutup biljekdigi baradaky beýanaty bilen bagly soraglara jogap hökmünde aýtdy.
Dünýäniň ykdysady taydan ikinji güýji we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolan Hytaý, şol bir wagtyň özünde özgertmeler üçin çagyryş edýän bolsa beýleki tarapdan BMG-nyň ulgamyny goldaýar.
Ak Tam geçen anna güni Trampyň Ysraýylyň Gazadaky urşuny hemişelik bes etmek we sebiti gaýtadan dikeltmek hakyndaky 20 maddadan ybarat meýilnamasyny "ýerine ýetirmekde möhüm pozisiýa eýelemek", şeýle hem "Gazada çaknyşykdan parahatçylyga we ösüşe geçilýärkä strategik gözegçiligi üpjün etmek, halkara serişdeleri mobilizlemek we jogapkärçiligi üpjün etmek" maksady bilen parahatçylyk geňeşiniň döredilemdigini yglan edipdi.
Tramp sişenbe güni Ak Tamda geçirilen brifingde žurnalistleriň parahatçylyk geňeşiniň BMG-niň ornuny tutmagyny isläp, islemeýändigi hakyndaky soragyna: "BMG netijeli işläp bilmedi. Men BMG-niň mümkinçilikleriniň uly janköýerlerinden biri, ýöne ol hiç haçan şol mümkinçilikden doly peýdalanyp bilmedi " diýip jogap berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti öz administrasiýasynyň Taýland, Kambodža, Hindistan, Pakistan, Kongo we Ruanda ýaly ýurtlaryň arasyndaky çaknyşyklary bes etmek üçin geçen ýylky tagallalaryny üstünlikli diýip häsýetlendirdi.
ABŞ pdarahatçylyk geňeşiniň çäginde geçiş döwrüni goldamak we Trampyň Gazadaky çaknyşygy bes etmek boýunça giňiş gerimli meýilnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek üçin Gazanyň Milli Dolandyryş Komitetini, düzümleýin Dolandyryş Geňeşini we Gazanyň Ýerine Ýetiriji Geňeşini hem döretdi.
Tramp Russiýa we Hytaý ýaly köp sanly daşary ýurtlary hem-de olaryň liderlerini geňeşe goşulmaga çagyrdy.










